56
Suraty çekmek işjeň hadysa – pikiriň, gözüň we eliň uly işdigi berk bellemeli
bolýar...”
Adam figurasynyň dürli hereketleriniň “mehanikasyna” düşünmek üçin we
olary suratda dogry serpikdirmek üçin, ilki bilen, bu hadysada ähli bedeniň
agyrlyk merkeziniň we bedeniň aýratyn bölekleriniň ýagdaýyny bellemek gerek
bolýar.
Hereketli ýagdaýlaryň asudalygyny adam damarlaryň belli bir toparlarynyň
işne görä galdyrýar. Dinamiki hereketlerini ýerine ýetirýän adamyň, giňişlikde
bedeniň ýerleşişi çylşyrymly we tükeniksiz dürli bolýar. Statikalardan ol diňe
agyrlyk merkeziniň beýleki ýagdaýy we damarlaryň has işjeň işi bilen
tapawutlanmaýar, eýsem ol uly derejede bedeniň hereket ediji massalaryň
inersiýa kanunlary bilen hem tapawutlanýar.
Adamyň çylşyrymly hereketlerinde onuň bedeniniň esasy massalarynyň
ugury ähmiýetli çäklerde üýtgeýär, onuň ýagdaýlarynyň uly sanyny döredýär.
Daýanç nokatlary we figuranyň ugrukdyryjy çyzyklary synlap, olary
perspektiwa gysgaltmalaryň kömegi bilen kagyz ýüzünde belläp, biz adamyň
berk “skeletiniň” surat